MAGTYMGULY WE DÜNÝÄ ALYMLARY


 01 Ocak 2024


 

  Ruhy baýlyklaryň umman ýaly hazynasyny külli adamzat nesline miras galdyran şanly Gündogaryň Rudaky, Ferdöwsi, Haýýam, Nyzamy, Saady, Jamy, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Nesimi, Fuzuly, Lutfy, Nowaýy ýaly beýik söz ussatlarynyň arasynda ХVIII asyrda Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşap, döredip, öz halkyna hem dünýä halklaryna gymmatly söz baýlygyndan düzülen göwher monjugy kimin dürdäne eserleri miras galdyran Magtymguly Pyragynyň adynyň, ajaýyp eserleriniň şahyryň özüniň “Älem içre adam gezmez, at gezer” diýip ýazyşy ýaly, iki asyryň dowamynda dünýä halklarynyň arasynda şol aýlanyp ýörşi. Türkmen akyldary Magtymguly Pyragy diýlip ady tutulsa, dünýä halklarynyň köpüsiniň, ylaýta-da, edebiýat, şygryýet bilen gyzyklanýanlaryň içinde şahyryň gymmatly setirleri hakda bilmeýänler, eşitmedikler az-azdyr.   

 Ýagşy zadyň aşygy köp diýleni-dä. Türkmen halkynyň hemme tire-taýpalarynyň arasynda deň derejede söýlen, hormat-sarpa goýlan, belli Gündogary öwreniji alymlaryň beren ”umumymilli türkmen şahyry” (akademik A. Krymskiý), “bütintürkmen halypasy” (akademik A.N. Samoýlowiç), “Türkmen edebiýatynyň klassyk şahyry” (professor Ý.E. Bertels) diýen gymmatly bahalaryna mynasyp bolan Magtymguly Pyragynyň – türkmeniň akyldar şahyrynyň özi aramyzdan gidenden sonra, bary-ýogy alty ýyl geçip-geçmänkä (şahyryň täze terjimehaly boýunça, 1724-1806 ý. G.Y.) ХIХ asyryň birinji ýarymynda, has dogrusy, 1842-nji ýylda  onuň çawy ýurduň çäklerinden çykyp, dürli ýurtlara ýaýrap ugraýar.                   Görnükli türkmen alymlary professor Mäti Kösäýew we akademik Baýmuhammet Garryýew wenger alymy Arminiy (German) Wamberiniň toplan anyk bolmadyk maglumatlaryna esaslanylyp tassyklanan beýik şahyryň doglan we aradan çykan seneleri barada elmydama şübhelenýärdiler. Olar bu barada makalalarynda, ylmy işlerinde ýatlaýardylar, ХVIII asyryň ýigriminji ýyllaryndan soň doglan bolmaly diýip gürrüňdeşliklerde-de agzaýardylar. Beýik Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen alymlary tarapyndan  bu meselä täzeden dolanylyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory A. Aşyrowyň yzygiderli barlaglary, tekstologik derňewleri netijesinde şahyryň doglan senesi 1724, aradan çykan ýyly 1806-njy ýyl hökmünde tassyklanyldy.[1] Şeýlelikde, 2014-nji ýylda güneşli Türkmenistan Watanymyzda Ýurtbaştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan dana şahyryň 290 ýyllyk ýubileý dabarasy bellenilip geçildi. Häzirki döwürde külli türkmen halky hem dünýä halklarynyň edebiýat söýüjileri şygryýet äleminiň hiç wagt öçmejek parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görýärler.

   Bar bolan maglumatlara görä, eýýäm ХIХ asyryň birinji ýarymynda Gündogara, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gözel Diýarymyza dürli maksatlar (ylym, syýahat, söwda, din we b.) bilen daşary ýurtlular gelip başlaýarlar. Köp ýurtlara syýahat eden Angliýanyň meşhur Ost-Ind  söwda kompaniýasynyň gullukçysy leýtenant Aleksandr Borns  Aleksandr Hodzkonyň öň ýanynda türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinde bolanda, “türkmenleriň, elbetde, edebiýaty ýok” diýip tassyklaýar.”[2] Bu barada 1940-njy ýyllarda magtymgulyşynaslyk äleminiň altyn gapysyndan ýaňy ätlän ýaş alym Baýmuhammet Garryýew aýratyn ýatlap geçýär hem-de tükmenleriň gymmatly edebi hazynasy hakda, uly söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dogrusynda  baý maglumatlar toplap, yzly-yzyna kitaplar çykardyp, bir asyrdan soň onuň sözlerini ýalana çykarýar.[3] Bornsuň sözleri, ylaýta-da, döwrüň öňdebaryjy, sowatly adamlaryny oýlandyrypdyr. Görnükli ýazyjy Berdi Kerbabaýew 1926-njy ýylda dana şahyryň  300 töweregi goşgusyny öz içine alýan diwanyny arap elipbiýinde (dili türkmen) taýýarlap, ýeke kitap bilen syýahatçynyň sözüni ýalana çykarmagyň hötdesinden gelýär. Elbetde, başga-da köp alymlar – Ahmet Ahundow Gürgenli, Mäti Kösäýew we beýlekiler Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň döredijiligini öwrenmekde şol gazaply ýyllarda uly işler bitirýärler.      

Beýik şahyryň döreijiliginiň öwrenilişine bagyşlap (1842-1884) A. Abdyýewiň taýýarlan bibliografik görkezijisi gönüden-göni Hodzkonyň iňlis dilinde neşir eden kitabyndan başlanýar.  Ýöne görkezijide 1842-nji ýyldan soň 1862-nji ýyldaky professor Bereziniň “Türk hrestomatiýasynda”  Magtymgulynyň “Hiç bilmez” şygrynyň çap edilendigi hakynda maglumatdan başga hiç zat ýok. Aradan ýigrimi ýyl geçenligine garamazdan, Magtymgulynyň döredijiligine degişli hiç iş edilmedik ýaly. Emma alymlaryň gözlegleri netijesinde  soňky ýyllarda hem käbir işleriň edilendigi ýüze çykaryldy.   

Aleksandr Hodzko iňlis diline terjimesi arkaly Magtymgulyny daşary ýurtlulara tanadandan soň, şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanyp başlaýanlar tapylýar. Elbetde, Hodzko hem beýleki köp sanly daşary ýurtlular ýaly, Magtymgulynyň terjimehalyny taýýarlanda kän säwliklere ýol beripdir. Bu barada görnükli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory D. Nuralyýew hem maglumat berýär.[4] Ylmy gözlegler dowam edýärkä, gabat gelen dürli maglumatlary öwrenip oturan wagtymyzda, beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileý dabarasynda çap edilen, “Türkmen ruhunyň almaz täji” atlandyrylan makalalar ýygyndysynda ýerleşdirilen bir makala ünsümizi aýratyn özüne çekdi. Makaladaky maglumatlaryň arasynda, 1851-nji ýylda “Kazan guberniýasynyň wedomostlary” atly žurnalda W.A.Sboýewiň türkmenler hakdaky ýazgylarynyň çap edilendigi hakda gürrüň gozgalýar. Şol ýazgylar bilen tanşanymyzda, Aleksandr Bornsuň pikirini ýalana çykarýan sözleriň ýazylandygyny anykladyk. W.A. Sboýewiň ýazgylarynda türkmenleriň Ýewropa halklarynyň edebiýatyndan pes bolmadyk edebiýatynyň bardygy hakda, olaryň beýik Magtymgulysy barada gürrüň edilendigi, şahyra “Mahtumkuli – wostoçnyý mogikan” diýlip baha berlendigi dogrusynda elimize düşen makalada ýatlanylýar.[5]  Bu maglumatlary ýazan W.A.Sboýewiň Aleksandr Bornsuň makalasyny okan bolmagy hakykata juda ýakyndyr. Çünki syýahatçynyň ýazgylary çap edilen ensiklopedik sözlük, Berdi Kerbabaýewiň ýazmagyna görä, professor Bereziniň redaktorlygynda çap edilipdir.[6] W.A.Sboýew hem  Berezin bilen bile işleýän professor. Kazan uniwersitetinde işleýän Sboýew türkmen dili we edebiýaty bilen içgin gyzyklanypdyr hem-de onuň “Türkmenler hakynda makalalary” şol ýyllarda çap edilipdir. Şol makalalaryň birinde W.A.Sboýew ýokarky agzalan maglumaty berýär. Bu barada edebiýatçy alym şahyr A. Çüriýew hem “Türkmen edebiýatyny öwrenijiler” atly ylmy işinde ýatlap geçýär.[7] Professor Sboýewiň makalasyny yzarlanyňda, gönüden-göni Aleksandr Bornsa jogap tapýarsyň. Umuman, şol ýyllarda Kazan uniwersitetiniuň professorlarynyň türkmen edebiýatyny öwrenmekde uly işler alyp barandygyny duýmak bolýar. 

 Rus okyjylaryny ilkinji gezek akyldar şahyryň döredijiligi bilen kim tanyşdyrdyka?! Bu soraga jogap gözläp, dürli maglumatlary öwrenip oturan wagtymyzda, ýokarda hem agzalyp geçilen “Türkmen ruhunyň almaz täji” atlandyrylan makalalar ýygyndysynda ýerleşdirilen  ýene-de bir makala ünsümizi aýratyn özüne çekdi. Makalada Magtymgulynyň goşgularynyň rus diline terjimeleri yzarlanylýar. Awtor Magtymgulynyň goşgusynyň rus diline ilkinji çap edilen terjimesi barada maglumat berýär.  Bizem öz sowalymyza şu makaladan jogap tapdyk. Bir parçany mysal alalyň! “Eýsem, Magtymgulynyň eserleri ilkinji gezek rus diline haçan we kim tarapyndan terjime edildikä? Bu soraga dogry jogap bermek üçin “Rus geografiýa jemgyýetiniň ýazgylary” atly neşiriň 1853-nji ýylda Sankt-Peterburgda çap edilen 7-nji kitabyna nazar aýlamaly bolýarys. Şol kitapda harby topograf, general-leýtenant Iwan Fýodorowiç Blarambergiň (1800-1878) şol asyryň otuzynjy ýyllarynyň ahyrlarynda Persiýada (Eýranda) alyp baran işleri baradaky hasabaty ýerleşdirilipdir. General Magtymgulynyň häzir okyjylara “Keçdir ýaranlar” ady bilen belli bolan goşgusyny rus diline erkin (kyssa görnüşinde sözme-söz) terjime edipdir we öz hasabatyna girizipdir. Şeýlelikde, bu goşgyny Magtymgulynyň rus dilinde çapdan çykan ilkinji eseri hasaplamak bolar”[8] 

 Awtor makalanyň dowamynda hakykata laýyk gelýän maglumatlar berýär. General Blaramberg Eýranda işlände Aleksandr Hodzko bilen dostlukly aragatnaşykda bolýar. Ol Hodzkonyň toplan maglumatlaryny görüp oturan wagtynda Magtymgulynyň şygyrlary bilen tanşyp, käbirini göçürip alýar. Ol Hodzkodan öň, 1841-nji ýylda “Keçdir, ýaranlar” atly goşgyny “Мудрые мнения” ady bilen rus diline terjime edýär. Elbetde, goşgy göwnünden turmadyk bolsa, terjime etmese-de etmezdi. Emma nähilidir sebäplere görä, goşgy aradan 12 ýyl geçenden soň çap edilýär. Şeýlelikde, gözlegler netijesinde, häzirlikçe, Magtymgulynyň goşgularynyň ilkinji rus diline geçirilen terjimesi  general Blaremberge degişli bolup çykýar. Elbetde, neşir edilmedik, tutuş bir bitewi golýamanyň ilkinji terjimesi Rafail Ýeznaýewe degişli.

 ХIХ asyryň ahyrlarynda Magtymgulynyň bir golýazmasynyň tapylandygy, başga bir golýazmanyň bolsa 1874-nji ýylda Rafail Ýeznaýew tarapyndan göçürilip, rus diline geçirilip, neşir edilmän galandygy, onuň elýazmasynyň Rus geografiýa jemgyýetiniň arhiwinde saklanýandygy hakynda hem görnükli gündogarşynas alym, professor Ý.E. Bertels özüniň türkmen edebiýatynyň öwreniliş taryhyna bagyşlanan makalasynda (1944) maglumat berip, şeýle ýazýar:

“Magtymgulynyň bir golýazmasyny göçürip ýazan we şol ekzemplýaryň ýanyna onuň rus diline doly terjimesini goşan Rafail Ýeznaýew diýen bir adamyň Sankt-Peterburg (Leningrad) geografik jemgyýetinde saklanýan golýazmasy ýokarky agzalan golýazma (türkmen edebiýatynyň janköeri Ý.E.Bertels makalada başga bir tapylan golýazma hakda gürrüň açýar. G.Y.) örän gyzykly goşmaça bolup durýar. Ýeznaýewiň golýazmasynyň dilini barlamaklyga Türkmenistan SSR ylymlar akademiýasynyň koppespondent çleni Z. Muhammedowa ullakan eserini bagyşlady.– bu eser senesi takyk görkezilen belli bir dokumentiň diliniň ilkinji ullakan barlanmasy bolup durýar”  diýip nygtaýar.

 Ýeri gelende ýatlasak, görnükli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, türk Dil Kurumynyň agzasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Zylyha Muhammedowa Türkmenistan Watanymyzda Magtymgulynyň döredijiligini öwreniji alym hem dilçi alym hökmünde bellidir. Onuň kandidatlyk dissertasiýasy Magtymgulynyň Astrabat golýazmasynyň diline bagyşlanandyr. Onuň dissertasiýa işi uly gündogarşynas alymlaryň gymmatly bahasyna mynasyp bolýar. Bu dissertasiýa işini ýerine ýetirende oňa görnükli alym Dmitriýew ýolbaşlylyk edýär. Zylyha Muhammedowanyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmeklige bagyşlan makalalary hem az däl. Alym Magtymgulynyň şygyrlary boýunça tekstologik barlaglar hem alyp barypdyr.  

 Gözlegler bizi 1855-nji ýylda “Архив науки и культуры России” atly nemes žurnalynda hem Magtymguly hakda gysgajyk bir makalanyň çap edilendigi hakdaky habaryň üstünden eltdi. Bu habar hem ýokarky agzalyp geçilen f. Aýtjanowanyň makalasynda duş gelýär.  Makalanyň awtorynyň bellemegine görä, gysgajyk habar redaksiýanyň adyndan berlipdir. Bu hem magtymgulyşynaslykda uly ähmiýete eýe bolan waka. Habar “Meşhur şahyr” diýlip atlandyrylypdyr. Makalany okyjylaryň dykgatyna dolulygyna hödürleýäris: 

 “Biz öz okyjylarymyza entek Ýewropada belli bolmadyk beýik türkmen şahyrynyň adyny habar bermek isleýäris. Onuň ady Magtymgulydyr. Ol barada bize Dostmuhammede garşy bolan uruşda iňlis ştabynda gulluk eden nemes çinownigi gürrüň berdi. Magtymguly ýarym asyr gowrak mundan öň ýaşapdyr. Onuň goşgulary öz lirizmi we hoşlabyzlylygy bilen akylyňy haýran edýär. Magtymgulynyň goşgularyny Käbiliň, Gandagaryň, Peşewaryň, Hyradyň,  Şekiniň, Şirwanyň, Tähranyň adamlary ýatdan bilýärler. Nebsimiz agyrsa-da, biz şahyryň durmuş ýoly barada hiç zat bilmeýäris. Biziň oriýentalistlerimiz ýakyn geljekde Magtymguly hakda birin-birin gürrüň bererler diýip umyt edýäris.”[9]  Bu makalalardaky habarlar, elbetde, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň, köplenç, ýalňyşlyklar goýberilip, terjime edilendigine garamazdan, okap gören adamlaryň kalbyny gozgalaňa salandygyna şaýatlyk edýär. Eýýäm şol ýyllardan başlap, beýik şahyryň döredijiligine külli adamzadyň ruhy baýlygy hökmünde garalyp başlandygyny şu gysgajyk ýazgylardan aňlamak bolýar. Şondan soň gündogarşynaslar beýik şahyryň döredijiligi bilen has hem gyzyklanyp başlaýarlar.  

Türkologiýada ady belli rus alymy, professor I.I. Bereziniň köp tomly hrestomatiýasynda Magtymgulynyň bir gazalyny çap edip, rus okyjylaryny şahyryň  bir goşgusy bilen ilkinji bolup tanyşdyrandygy hakda edebiýat äleminde köp gürrüň edildi. Hut soňky döwürlere çenli professor Berezin Magtymgulynyň bir şygry bilen rus okyjylaryny  ilkinji gezek tanyşdyran hasaplanylýardy. Görnükli ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň ýazmagyna görä, Aleksanr Bornsuň “elbetde, türkmenleriň edebiýaty ýok” diýen sözleri ýazylan makalasyny çap eden ensiklopedik sözlügiň redaktory hem, soňra Magtymgulynyň bir gazalyny (öňki maglumatlara görä), “Турецкая хрестоматия” (tom II, goýberiş I, 1862, s.88-89) atly ýygyndysynda neşir eden hem professor, belli Gündogary öwreniji alym Berezindi.[10] Edebiýatçy alym şahyr Allaýar Çüriýew gözlegler, barlaglar netijesinde “Türkmen edebiýatyny öwrenijiler” atly ylmy işinde  “Türk hrestomatiýasynda” Magtymgulynyň bir däl-de, iki goşgusynyň (“Hiç bilmez”, “Düşen günlerim”) çap edilendigini ýüze çykardy. Bereziniň ýazgylarynda  “Düşen günlerim” goşgusynyň şahyryň ady tutulýan yzky iki setiriniň ýok bolmagynyň ähtimallygy sebäpli, hrestomatiýada ol şygyr awtorsyz gidipdir. Diýmek, hrestomatiýada çap edilen türkmen şahyrlarynyň on ýedi goşgusynyň ikisi Magtymgula degişli. Görşümiz ýaly, gözlegler dowam edýärkä, goýberilen säwlikler düzedilýär, täzelikler, tapyndylar ýüze çykyp durmagyny dowam etdirýär.

  Ýene bir rus alymy F. Bakuliniň “Песни у туркмен и поэт их Махтумкули” (seret: “Известия Кавказского отдела русского географического общества” – ЗВО, Т. 1, Тифлис, 1872) atly makalasynyň hem rus okyjylaryny türkmen şahyry bilen tanyşdyrmakda ähmiýetiniň bolandygy şübhesizdir. Gynansak-da,  F. Bakuliniň terjimelerinde hem näsazlyklar, ýalňyş terjime edilen ýerleriniň gabat gelýändigi dogrusynda akademik Baýmuhammet Garryýew habar berýär.  F. Bakulin şahyryň iki goşgusyny terjime edip, rus okyjylaryna ýetirýär we şahyr barada şeýle maglumat berýär: “Bagşy halkyň söýgüli şahyrlaryndan biriniň: Aman mollanyň, Magtymgulynyň we başgalaryň eserini ýa improwizirleýär ýa-da aýdyp berýär. Magtymgulyny ähli türkmenler, özleriniň taýpalaryna garaman, has aýratyn sylaýarlar... Magtymgulynyň öwlüýä-mukaddesligi türkmenleriň arasynda şek-şübhe döretmeýär; türkmenler onuň ähli ýazan we aýdan zatlary ir-u-giç berjaý bolmalydyr diýýärler.”[11] 

 Elbetde, bu ýerde F. Bakulin özünden öň 1863-nji ýylda derwüş eşigini geýip, özüni tanatman, işan-mollalar bilen tirkeşip, olar bilen bilelikde namaz okap, Orta Aziýa syýahat eden, ýurduna dolanyp barandan soňra, “Orta Aziýa syýahat” hem “Türkmen dili we Magtymguly diwany” atly kitaplaryny neşir etdiren wenger alymy Arminiý (German) Wamberiniň “Orta Aziýa syýahat” atly kitabyndaky pikirlerini başgarak äheňde gaýtalaýar.  A. Wamberiniň sözlerini getirýäris: “Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň, ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat söýülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy türkmen üçin iň gowy hezillikdir (şol wagtky diňleýjiniň duýgularyny daşary ýurtly hem duýupdyr.  Çünki türkmen halkynda Magtymgula, Görogla,  saza-söze sarpa iňňän güýçli. G.Y.). Hamana, edil keramatly ýaly görülýän Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup, segsen ýyl töweregi mundan öň aradan çykypdyr (elbetde, şahyryň öňki doglan senesi anyklanylanda, Wamberiniň sözlerine esaslanylypdyr.G.Y). Onuň biografiýasy bilen gatyşdyrylyp aýdylýan rowaýatlara garanda, ol Buharada, Hywada bolmadyk hem bolsa, dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän oňat goşgular düzüpdir. Onuň kitaby,  Kurandan soň, türkmenlriň arasynda uzak wagtlap, ikinji orny eýelejekdir.

 Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlylygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at, ýarag hakynda  we ş.m. temalara bagyşlap ýazan şygyrlarynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý Gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär.”[12] Görşümiz ýaly, Wamberiniň hem, Bakuliniň hem Magtymguly barada aýdan sözlerinde pikir meňzeşlikleri gaýtalanýar. Ýöne ikisi hem durmuş hakykatyny ýazýar.  

  Nemes syýahatçysy P. Kruts tarapyndan ýazylan “Maňgyşlakdaky gyrgyz we türkmenleriň arasynda” atly kitapda hem ‘Magtymgulynyň gahrymançylykly aýdymlaryny bütin halk höwes bilen aýdýar” diýlip ýazylandygy hakda belli magtymgulyşynas alym Baýmuhammet Garryýew dissertasiýa işinde nygtap geçýär[13]. Diýmek, ХIХ asyryň 40-njy ýyllaryndan başlap, Magtymgulyny öwrenmek yzygiderli dowam edip gelipdir. Elbetde, şu ilkinjiler türkmenleriň milli guwanjyna öwrülen bu beýik şahyryň döredijiligini öwrenmäge goşant goşup, onuň terjimehal maglumatlaryny we şygyrlaryny öz ýurtlarynda neşir etdirýärler.                      

 ХIХ asyrda Magtymgulynyň döredijiliginiň öwrenilişiniň birinji etapyndan soň köp wagt geçmänkä, ХХ asyryň başlarynda eýýäm beýik türkmen akyldarynyň şygryýet älemini öwrenişiň täze bir etapy başlanýar.  Belli gündogarşynas rus alymy, akademik N.A. Samoýlowiç türkmen edebiýaty, hususan-da, Magtymgulynyň döredijiligi barada has düýpli işler alyp barýar, ХХ asyryň başlarynda makalalarynda, çykyşlarynda şahyryň döredijiligini propogandirläp  başlaýar. Ol 1902, 1906, 1907, 1908 ýyllarda türkmen ilinde yzly-yzyna ylmy saparda bolup, obama-oba aýlanyp, ýaşulular bilen duşuşyp, dürli maglumatlaryň ençemesini gola salýar. Elbetde, olaryň arasynda külli türkmeniň gözüniň görejine deňän şahyry Magtymguly Pyragy hakda maglumatlar hem kän bolupdyr, şeýle hem, akyldaryň goşgulary göçürilen elýazmalar hem bar ekeni. Ol Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek bilen düýpli gyzyklanyp, göçürilen elýazmalary toplap, degşirip öwrenip, Magtymgulyny  “bütintürkmen halypasy” diýip atlandyrýar. Onuň 1908, 1909, 1914-nji ýyllarda ýazan “Orta Aziýa türki edebiýatyndan materiallar”, “Magtymgulynyň eserlerine görkezgiç”, şahyryň eserleriniň görkezgijine düzen birinji, ikinji, üçünji goşmaçalary türkmen edebiýatyny, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmeklige gymmatly goşantdyr.Onuň 1929-njy ýylda neşir edilen “Türkmen edebiýatynyň oçerkleri” atly işinde hem Magtymgulynyň döredijiligi hakda söhbet açylýar. A.N. Samoýlowiçiň alyp baran uly işleri hakda akademik ýazyjy Berdi Kerbabaýew, akademik Baýmuhammet Garryýew uly minnetdarlyk duýgusy bilen ýatlaýarlar.[14]

 Gözlegler dowam edýärkä, Magtymgulyny öwrenişde dünýä ýüzünde yzygiderli işler alnyp barlandygyna, makalalaryň, kitaplaryň çap edilip durandygyna göz ýetirmäge ýardam berýän maglumatlar ýygy-ýygydan duş gelýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory A. Aşyrowyň  2014-nji neşir edilen “Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi” atly kitabynda hem ençeme täze atlara gabat geldik. Kitapdan alnan maglumata diň salsak, şahyryň döredijiligi barada dürli ýurtlarda çykan neşirlerde agzalyp geçilendigine göz ýetirmek bolýar. Ysmaýyl Kasprinskiniň 1900-nji ýylda Bakjasaraýda çap etdiren “Тürküstan ulamasy” atly çaklaňja kitapçasynda Magtymguly hakda maglumat berýändigi dogrusynda alym habar berýär. Belli alym D. Nuralyýew hem “Türkmen edebiýatynyň öwreniliş taryhyndan” atly kandidatlyk dissertasiýasynda iňlis alymy G.K. Dallingiň “Türkmen diline giriş” atly makalasyndan aşaky salgylanmany getirýär” diýip alym ýazýar. ”Gökleňler ähli türkmen tireleri üçin ýeke-täk beýik şahyr, eserleri häzirem meşhur Magtymgulyny (doglan wagty 1735 (?) , ölen wagty çen bilen (1805) berdiler.” Alym agzalan dissertasiýadan kän maglumat tapypdyr. Şolaryň biri hem, alym Semýonowyň ”Туркестанский край” atly kitabyndan alnan setirlerdir: “Поются часто песни национального поэта Махтумкули, умершего более 80 лет тому назад.” Bu kitap 1887-nji ýylda çap edilipdir. Alym A. Aşyrowyň hasaplap çykarmagyna görä, bu sene 1805-1806-njy ýyllara gabat gelýär. Kitapda patyşa Russiýasynyň kapitany F.A. Mihaýlowyň “Туземцы Закаспийской области и их жизнь” (Aşgabat, 1900) atly kitabyndaky maglumatlara hem ýüzlenip, ylmy barlag alyp baran alym A. Aşyrow Magtymgulynyň soňky terjimehalyny dikeldýär. Emma A. Aşyrow näme üçindir türkmen halkynyň görnükli magtymgulyşynaslary professor Mäti Kösäýewiň we akademik Baýmuhammet Garryýewiň hem öňki terjimehal barada şübhelenip, kän-kän pikirleri aýdandyklary hakda hiç zat agzamandyr. Şahyryň öz goşgularyna hem-de dünýä alymlarynyň pikirlerine salgylanypdyr. Şahyryň goşgulary hakda bu iki görnükli türkmen alymlary hem köp pikir ýöredipdiler. Olaram şeýleräk pikirdediler. Ir aramyzdam giden ilkinji alymlardan biri Ahmet Ahundow Gürgenli hem şu pikirdedi.  

 Asyryň başynda, has takygy, 1904-nji ýylda “Туркестанские ведомости” gazetinde çap edilen I.Belýaýewiň ýazgylary hem ünsüňi aýratyn özüne çekýär. “Gyzykly golýazma” atlandyrylan makalada gymmatly maglumatlar bar. Ol ýazgylary dolulygyna alýarys: “Zakaspi oblastynda, Garrygalanyň (häzir Magtymguly etr. G.Y.)  golaýynda türkmenleriň arasynda  ХVIII asyryň belli türkmen şahyry Magtymgulynyň öz eli bilen ýazylan uly bir tomluk golýazmasy saklanýar. Bu gyzykly edebi ýadygärlikde hakyky türkmen halk poeziýasynyň ajaýyp nusgalaryna duş gelinýär.

 Magtymgulynyň eserleri diňe Zakaspi oblastyndaky türkmenler arasynda däl, eýsem, ol Aral deňziniň kenarlarynda, garagalpaklar arasynda hem giňden ýaýrap, örän uly söýgä eýe bolupdyr. Bu şahyryň meşhur alymlar Wamberi, A.N. Samoýlowiç we beýleki türkmen edebiýatyny öwrenijiler tarapyndan toplanan eserleriniň käbir bölekleri Magtymgulynyň örän giň we her taraply  talantynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Gündogaryň edebiýaty we taryhy bilen gyzyklanýan ýerli alymlar Magtymgulynyň ýokarda ýatlanan golýazmasyna aýratyn üns berseler, gowy bolardy. Türkmenleriň aýtmagyna görä, ol awtograf her ýylda Aşgabatda geçirilýän halk sudlarynyň  gurultaýyna göçürip almak üçin getirilýän eken.” (“Туркестанские ведомости” №73, 1-nji iýun, 1904).  Bu makala 1960-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllyk ýubileý dabarasyna bagyşlanylyp çykarylan makalalar ýygyndysynda hem ýerleşdirilipdir. Emma, gynansak-da, şol awtograf hakda edebiýat we ylym äleminde gürrüň agzalanyna, näçe gözlegler alyp barsak-da, duş gelmedik.         

 Şol ýyllarda bu awtograf hakda türkmenlerden eşidenligi dogrusynda Belýaýewiň hut özi maglumat berýär. Diýmek, Magtymgulynyň awtografy ХХ asyryň başynda hem bar ekeni. Agzalan makalanyň awtory I. A. Belýaýew Magtymgulynyň döredijiligi bilen has öňräk gyzyklanyp başlan hem bolsa bu awtograf  barada soň  “Закаспийская туземная газета” redaktor bolan ýyllarynda-da (1914-1917) ýatlamaýar. Göwnüňe bolmasa, şol ýyllarda gözleglere çykylaýjak ýaly. Awtograf alymlar tarapyndan hem gola salynmadyk bolara çemeli. Şeýdibem, gymmatly hazyna barada soň gürrüň hem agzalmaýar. Göýä, “gurruk guýa gaçan ýaly.” Ýogsa, ýokarky agzalan makalany ýazmanka hem Belýaýew, bar bolan maglumatlara görä, 1903-nji ýyllardan başlap gündogar türkmenleriniň hem-de garagalpaklaryň arasynda aýlanyp, Magtymgulynyň “Zor bolar”,  “Üçi öwlatdan”, “Çatyp bolmaýar”, “Gözel sen” goşgularyny ýazyp alypdyr. Soňra bu goşgulary “Закаспийская туземная газетаda” (gazet bary-ýogy üç ýyl 1914-1917 ýyllar aralygynda neşir edilýär. G.Y.) “Garagalpak bagşylarynyň aýtgan sözleri....” atly rubrikada gazetde çap edendigi hakda maglumata gabat gelmegimiz Belýaýewiň Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge has öň başlandygyna şaýatlyk edýän maglumatdyr.[15] 

  1907-nji ýylda I. Ostroumow Magtymgulynyň birnäçe goşgusyny arap harpy bilen türkmen dilinde Daşkentde “Туркестанские ведомости” gazetinde çap etdirýär, soňra 1911-nji ýylda kitap görnüşinde çapdan çykardýar. Şeýlelikde, elbetde, kemçilikleriň bolandygyna garamazdan, öz ýurdumyzda ilkinji gezek şahyryň goşgulary türkmen dilinde metbugat, neşir üsti bilen ýaýraýar, okyjylar şahyryň goşgularyny öz ene dillerinde okap bilýärler. Başga milletiň wekilleriniň türkmen şahyrynyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, zähmet sarp edip, halka ýetirjek bolmaklary hem, elbetde, uly zat, sylag-hormatdan nyşan. Emma, görnükli alym Baýmuhammet Garryýewiň ýazmagyna görä, kitapça bary-ýogy 50 sany bolany üçin ony tapyp okamak o ýyllarda uly kynçylyk döredipdir. 1912-nji ýylda Abdyrahman Nyýazynyň taýýarlamagynda Astrahanda şahyryň goşgulary arap elipbiýinde (dili türkmen) kitapça görnüşinde neşir edilýär. Bu barada Berdi Kerbabaýewiň aýdan ýakymly sözleri barada hem ýatlap geçmek zerurdyr. Bary-ýogy 45 sany goşgy bolmagyna garamazdan, bu kitabyň kämil derejede taýýarlanylanlygy hakda alym Baýmuhammet Garryýew hem aýratyn nygtap geçýär. 

 

 Magtymgulynyň sözlerine düşünmän, nädogry netije çykaran alymlara, şahyryň şygyrlaryny neşir edenlere jogaby biz akademik Baýmuhammet Garryýewiň işlerinden hem, Gündogary öwreniji belli alym Ý. E. Bertelsiň makalalaryndan hem tapýarys. Gündogarşynas alym, türkmen edebiýatynyň janköýeri, Magtymgulynyň döredijiligini yhlas bilen öwrenen Ý. E. Bertels Magtymgulynyň döredijiligi hakda köp gymmatly pikirleri aýdýar. Bertelsiň Magtymguly barada aýdan gymmatly sözleri şahyryň abraýyny bütindünýä möçberinde ýokary göterip, çawyny dünýä ýaýradýar. Alym türkmen klassyky edebiýatynyň öwreniliş taryhyna bagyşlan makalasynda (1944) türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dogrusynda aýratyn durup geçýär. Şahyryň döredijiligine ýalňyş düşünip, säwlikler goýberen alymlary kötekleýär. Ol klassyky edebiýat düşünjesi hakda aýratyn belläp, Magtymguly Pyragyny  türkmen klassyky edebiýatynyň iň kämil wekili hökmünde häsiýetlendirýär: “Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus suratda görkezýänligi manysynda edebiýata “klassyky” edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at ХVIII-ХIХ asyrlaryň türkmen poeziýasyna berilmelidir, ol poeziýanyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türkmen halky tarapyndan henize çenli-de hormatlanýan şahyr Magtymguly bolupdyr.[16]

   Gündogary öwreniji alymlaryň arasynda uly abraýa eýe bolan, ençeme gymmatly kitaplaryň awtory, professor Ý.E. Bertels 1954-nji ýylda gündogarşynaslaryň konferensiýasynda eden dokladynda (doklad şahyryň 225 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysynda ýerleşdirilipdir. G.Y.) türkmen alymlarynyň gysga pursatda köp işler bitirendikleri hakda aýratyn durup geçýär-de,  ýaş türkmen alymlarynyň eden işlerine uly baha berýär, “Magtymguly ýaşan wagtlarynda göçürilendir” diýlip çaklanylýan bir golýazmany tapandyklary hakynda gürrüň açyp, ýene Magtymguly hakdaky söhbetlerine dolanyp gelýär: “Magtymgulynyň ýönekeý bagşy bolman, Hywada Şirgazy hanyň medresesinde birnäçe ýyl okap, şol zamana garanyňda, ýeterlikli ylym alandygy mälimdir. Diýmek, onuň öz goşgularyny özi ýazan (öz eli bilen göçüren manysynda. G.Y.) bolmagy ähtimaldyr we şoňa görä, onuň diri mahalynda göçürilip ýazylan golýazma, elbetde, tüýs takyk dokument bolmasa-da, türkmen edebiýatçylarynyň elinde henize çenli bolan materiallaryň arasynda has ähtibar material bolup durýar.”[17]

Ý.E. Bertels çykyşynyň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligi barada iş alyp baran daşary ýurtly syýahatçylaryň, alymlaryň goýberen säwlikleri hakda söz açyp, ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň pikirlerini goldap, ýazgylaryny dowam etdirýär: “Örän meşhur wenger alymy Arminiý Wamberi baryp 1879-njy ýylda öz elinde bolan Magtymguly diwanynyň 31 sany doly goşgusyny, we şonuň 10 sany bölegini (on goşgyny bölekleýin bolmaly. G.Y.) çap edipdir. Ýazylan şu eserde goşgularyň originaly-da, nemesçä geçirilen terjimesi-de bar. Häzirki wagtda bu eseriň diňe taryhy taýdan gyzygy bolup biler, çünki, Wamberiniň hödürlän teksti örän düşnüksiz ýazylan golýazma esaslandyrylan bolmaga çemeli, şeýle bolansoň, onda biçak uly ýoýuşlar köp, käbir ýerleri asla akyla sygmaýar, şonuň üçin-de, bu terjime Magtymgulynyň goşgulary hakynda hiç bir real düşünje berip biljek däl. Mundan başga-da türkmen halky hakyndaky maglumaty özüniň Orta Aziýda syýahat edip ýören mahalynda buharalylaryň we hywalylaryň arasynda türkmen halkyna duşmançylykly bolan toparlardan alan Wamberi şol goşgular dogrusynda özüniň ýazan düşündirmelerinde asyryň türkmen medeni durmuşy üçin şahyryň ähmiýetine özüniň düýbünden düşünmändigini görkezýär.”[18]

Soňra alym şeýh Muhsun Fanynyň Wamberiniň neşirinden alyp, türk diline terjime edip, Stambulda çap eden (1921) nusgasyny asla peýdalanmaly däldigini aýdyp, şeýle ýazýar: “Şu görnükli şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanýanlary Wamberiniň çap eden tekstlerinden, 1921-nji ýylda Stambulda şeýh Muhsun Fany tarapyndan çykarylan neşirinden peýdalanmaly däldigini, ylaýta-da, ägä etmek gerek. Şahyryň goşgularynyň käbir setirleri eger Wamberiniňkide-de gaty ýoýlan bolsa, Muhsun Fany bütinleý diýen ýaly akyla sygmajak zady çap edipdir, Wamberiniň ýalňyşlarynyň üstüne özüniň-de ýalňyşlaryny goşupdyr.”[19]

Şeýdip, görnükli alym Magtymgulyny çap edenleriň ýalňyşlyklaryny, olaryň şahyryň döredijiligine zeper ýetirendiklerini, ol işleriň real çeşme bolup bilmejekdigi baradaky pikirlerini Gündogary öwreniji alymlaryň halkara kongresine gatnaşyjylara ýetirýär. Türkmen şahyry Magtymgulynyň kimdigini olara tanadýar, şahyryň hakyky ýüzüni açyp görkezmegiň hötdesinden gelýär. 

 

 Edilen işler ujypsyz ýaly bolup görünse-de, şol döwür üçin uly zat, elbetde, olaryň hemmesi hakda agzamak mümkin hem däl. Türkmen halkynyň milli guwanjy, türkmen poeziýasynyň hiç wagt öçmejek parlak ýyldyzy, ölmez-ýitmez eserleri döredip, külli adamzadyň kalbyna ýol salan Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatynyň düýbüni tutan, edebiýatyň halkylygyny, milliligini has ösdüren, türkmen edebi dilini özleşdiren, kämil derejelere ýetiren, halk durmuşyndan temalary susup alan, umuman, edebiýata uly täzeçillik girizen şahyrdygy hakda aýdylan ýagşy sözler örän kän. Ol sözler, pikirler türkmen  nusgawy şahyry Magtymgulynyň goşgulary bilen düýpli tanşan belli dünýä alymlary tarapyndan aýdylypdyr.  Bu gymmatly sözler, oýlanmalar, edilen eşler, hatda kiçijik makalalar hem, elbetde, Magtymgulynyň şan-şöhratynyň bütindünýä ýaýramagyna, abraýynyň artmagyna ýardam berip, onuň türkmen edebiýatyna uly täzeçillik girizen şahyr hökmünde ykrar edilip, edebiýatyň taryhyna girmegine ýardam berdi.

  Görşümiz ýaly,  ХVIII asyrda ýaşap gecen türkmen akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň gymmatly şygryýet hazynasy Gündogary öwreniji köp sanly alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Şol döwürde şahyryň döredijiligi barada käbir nädogry garaýyşlaryň bolandygyna garamazdan, onuň basyrylgy hazynasynyň üstüni açmakda, dünýä ýaýmakda, baý filosofiki oýlanmalara ýugrulan ajaýyp eserleri bilen dünýä halklaryny tanyşdyrmakda dünýä alymlarynyň eden işleriniň uly ähmiýetiniň bolanlygy şu edilen işlerden hem görnüp dur. Elbetde, olar Magtymgulynyň hiç wagt gymmaty egsilmejek eserlerini öwrenenlerinde, terjime edenlerinde köp näsazlyklar, säwlikler goýberipdirler, terjimehalyny bulaşdyrypdyrlar. 1940-njy ýyllarda säwlikleri ýüze çykaryp, Magtymgulyny we onuň gözel şygryýetiuni goramakda ýaş alym Baýmuhammet Garryýew we ýazyjy Berdi Kerbabaýew köp işler alyp barypdyrlar. Elbetde, ussat filosof şahyr Magtymgulyny we onuň döredijiligini goramalydy. Eger-de gorap, gerek ýerinde çykyş etmeseň, mundan beter säwliklere hem sataşmak mümkindi. Türkmen halky käbir ýalňyşlyklaryň, säwlikleriň goýberilendigine garamazdan, dana Magtymguly hakda iş alyp baran dünýä alymlaryna minnetdardyr. Elbetde, säwlikler, düşünmezlikler bolup biler. Çünki Magtymgulynyň şygyrlary çuňňur filosofiýa ýugrulan, oňa türkmen bolubam, düşünmek üçin düýpli pikirlenmeli, oýlanmaly, köp-köp kitaplaryň gatyny açmaly.

Şahyryň täze terjimehaly boýunça 2014-nji ýylda 290 ýyllyk ýubileý dabarasy geçirildi. Toý has uludan tutuldy, çünki şahyryň arzuwlan Berkarar döwleti guruldy. Ençeme kitaplar çap edildi, akyldaryň çuňňur many-mazmunly şygyrlary dünýä halklarynyň otuzdan gowragynyň dillerine terjime edildi. Külli türkmen halky çar tarapdan gelen myhmanlar bilen bilelikde türkmen akyldarynyň toýuny toýladylar.  Dana şahyryň hormatyna Magtymgulynyň ýyly diýlip yglan edilen 2014-nji ýylda Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atlandyrylan ajaýyp kitaby halka gowuşdy. Kitaby okap, beýik Pyragynyň döredijiligine berlen üýtgeşikden üýtgeşik, gymmatbahaly sözler bilen tanyş bolduk. Söz älemine gutarma ýok, gözlän tapar, “Yhlasa myrat” diýleni-dä.  Öňi bilen kitabyň ady hakda, hakykatdan-da, “Magtymguly ynsan kalbynyň öçmejek nury”, elbetde, beýle baha bermek üçin şahyryň ummany ýatladýan, ynsanlaryň  ruhuna melhem bolýan, kalbyna şatlyk çaýýan döredijik älemi bilen jadylanmaly, ylymdan ýüküň ýetik bolmaly.  Kitabyň içinde ýerleşdirilen pähim-paýhas siňen sözler sanardan kän, özi hem üç dilde. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan  türkmen, rus, iňlis okyjylary üçin iň zerur gollanma bolup hyzmat edip biljek   Kitapdan käbir paýhas siňen sözleri mysal almakçy. Şahyryň şanyna aýdylan sözler biri-birinden täsirli, tüýs beýik Pyragynyň döredijiligine berlen gymmatly baha. “Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy.”[20]  Bu sözleri okap, öz-özüňden oýlanmalar ummanyna çümeniňi duýman galýarsyň, dogrudan-da, Magtymgulynyň döredijiliginiň gözbaşy ata-baba ýörelgelerimizi ile ýaýmakdan, ynsanlara öwüt-ündew etmekden başlanýar. Şahyr “Ýörgün ata-baba ýörigen ýola” diýýär ahwetin! Akyldaryň bu sözleri şu günki günem nesiller üçin öwüt-ündew bolup ýaňlanýar. Şahyryň ähli dana sözleri danalardan, şeýle hem, halkyň döreden folklor dürdänelerinden – atalar sözüdir nakyllardan gözbaş alyp gaýdýar.

   Beýik şahyr Magtymgulynyň sözleri her bir türkmen üçin hakykat, her bir türkmeniň gürrüňçilikde “Magtymguly hem şeýle diýýär”, “Magtymgulynyň ynanýan zatlaryna biz hem ynanýas”, “Magtymguly aýtdy, tamam, şol dogrudyr” diýýän sözlerini kän gezek eşidýändiris. Diýmek, Magtymguly “iň beýik ynanç”, “mähek daşy”, “ynsanlaryň göreçlerine öçmejek nur” . Bu sözleriň gymmaty hiç wagt egsilmez. Bu ajaýyp sözler her bir türkmeniň kalbynda orun tapar.

 Sözlerden ýene-de biri: “Magtymgulynyň şygyrlary ynsan ýüreklerine em, argyn bedenlere kuwwat, sussypese ruhy ganatdyr. Hut şonuň üçin hem halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, aljyran, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyr.”[21]  Hut öz segsenden geçen kakamyň Magtymgulynyň hala geçirilen suratyny duldan asyp, ýüzlerçe goşgularyny ýat tutup, hemmelere ýatdan okap berip oturşy göz öňümden gidenok, şol ýaşulular Magtymgulynyň şygyrlary bilen dem aldy, şol şygyrlar bilen ýaşadylar, hakykatdan-da, Magtymgulyny  “ruhy lukman” tutundylar. Bu hili gymmatly sözler Magtymgulynyň adyny has hem  ebedileşdirýär, dünýä ýüzüne ýaýýar, Magtymgulynyň kimdigini bilmeýänlere bildirýär. Magtymgulynyň şygyrlarynyň gymmaty barada aýdylan bu sözleriň täsiri, jadylaýjy güýji hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny ýürekden söýýän, oňa uly sarpa goýýan ynsanlaryň kalbyny heýjana saljak, hiç wagt gymmaty peselmejek sözlerdir.

 

 Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçiren mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi hem türkmen-türk halklarynyň özara dostlukly gatnaşyklary bilen baglylykda amala aşyrylandyr. Aryf şahyr Magtymguly Pyraga “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary” diýlen ägirt uly bahanyň berilmegi türkmen halkynyň halkara abraýyny bir gez ýokary galdyrdy.

Türkmen halkynyň milli şahyry, ady dünýä akyldarlarynyň arasyna goşulan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý dabarasynyň öň ýanlarynda ilki şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKONYŇ “Dünýä hakydasy” Maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi, şeýle hem, doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem uly syýasy we taryhy wakalardyr.

 

 Şygryýetiň kämil ussady, dünýä derejesinde hormatlanýan   Magtymguly Pyragy hakda ýazylan kitaplaryň, monografiýalaryň, makalalaryň sany gitdigiçe köpelýär. Goý, şeýle ylmy işleriň, makalalaryň sany kän bolsun! Çünki ussat şahyryň döredijiligini öwrenmek külli adamzada lazymdyr.

                                                                     


 

[1] Bu barada seret:  Aşyrow A. Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi. A.: 2014.

[2] Kerbabaýew B. Magtymguly we oňa bolan garaşlar (garaýyşlar). (Makala, “Sowet Türkmenistany” gazeti, 1940, 14-nji iýun, kitapda: Magtymguly (makalalar ýygyndysy) A. 1960, s. 28.

[3]Garryýew B. Magtymguly – watançy şahyr. (Kandidatlyk dissertasiýasy. 1942.

[4] ”Edebiýat we sungat” gazeti. 1966, 15-nji maý.

[5] Türkmen ruhunyň almaz täji. (Kitapdaky makala: Aýtjanowa F. Махтумкули – поэт “всея” туркмен). A., 2014,. s. 212. 

[6] Kerbabaýew B. Magtymguly we oňa bolan garaşlar (garaýyşlar). (Makala, “Sowet Türkmenistany” gazeti, 1940, 14-nji iýun, kitapda: Magtymguly (makalalar ýygyndysy) A. 1960,  s.28.

[7] Çüriýew A. Türkmen edebiýatyny öwrenijiler. 2020, golýazma nusgasy.

[8] Türkmen ruhunyň almaz täji. (Kitapdaky makala: Dünýä Söýegowa. Magtymgulynyň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilişiniň taryhyndan:rus terjimeçileri. A.: 2014, s. 242-248. 

[9] Türkmen ruhunyň almaz täji. (Kitapdaky makala: Aýtjanowa F. Махтумкули – поэт “всея” туркмен).  A.: 2014, s. 212.

[10]Garryýew B. Magtymguly. A., 1975, s. 10. 

[11]Garryýew B. Magtymguly. A., 1975, s.10.(Seret: “Известия Кавказского отдела  русского географического общества – ЗВО, т. 1, Тифлис, 1872).

[12]  Wamberi. A. Orta Aziýa syýahat (ikinji neşir, M., 1874,  s.280.

[13] Garryýew B. Magtymguly – wanançy şahyr. (Dissertasiýa işi, 1942, s. 20).

[14]Garryýew B. Magtymguly. A., 1975, s. 11.,  Kerbabaýew B. Magtymguly we oňa bolan garaşlar (garaýyşlar). (Makala, “Sowet Türkmenistany” gazeti, 1940, 14-nji iýun, kitapda: Magtymguly (makalalar ýygyndysy) A. 1960,  s.28.

[15]Nazarow A. Magtymguly “Zakaspi ýerli gazetinde”.. Kitapda: “Magtymguly – 250   Şahyr hakynda ylmy dokladlar, makalalar we habarlar. A.: 1989,  s.348.

[16]Bertels Ý.E. Sowet soýuzynda türkmen klassyky edebiýatynyň taryhynyň öwrenilişi. (Gündogary öwreniş alymlarynyň ХХIII halkara kongresinde sowet delegasiýasynyň eden dokladlaryndan, 1954  (Kitapda:  Magtymguly, makalalar ýygyndysy, A.: 1960, s. 138.       

[17] Şol makaladan, s. 137.

[18] Bertels Ý.E. Sowet soýuzynda türkmen klassyky edebiýatynyň taryhynyň öwrenilişi. (Gündogary öwreniş alymlarynyň ХХIII halkara kongresinde sowet delegasiýasynyň eden dokladlaryndan, 1954 ý.  (Kitapda:  Magtymguly, makalalar ýygyndysy, A.:  1960, s.138.

[19] Şol ýerde. s.139.

[20] Berdimuhamedow G. Ynsan kalbynyň öçmejek nury. A., 2014, s.47.

[21] Şol ýerde, s.54.

Bu yazı Kardeş Kalemler dergisinin 205. sayısında yer almaktadır. Derginin bu sayısında yer alan tüm yazılara aşağıdaki bağlantı üzerinden ulaşabilirsiniz.
Kardeş Kalemler 205. Sayı