YNSAN KALBYNY ÝAGŞYLYGA ÇOÝAN ŞAHYR


 01 Ocak 2024


 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy gymmatlyklar bilen bir hatarda halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary milli ruhy ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy nukdaýnazardan düýpli öwrenilýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen edebiýaty dünýäniň ruhy genji-hazynasynda özüniň örän köp döredijilik şahsyýetleri bilen mynasyp orun eýeleýär. Ata-babalarymyz Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Baýram han Türkmen, Muhammet Fizuly, Garajaoglan, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly ýaly ençeme beýik döredijilik adamlary orta çykaran halkdyr. 

Gadymy we şöhratly geçmiş taryhymyza, milli ruhy gymmatlyklarymyza, danyşment alymlarymyza we şahyrlarymyza uly hormat we sarpa goýýan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz: „Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” [1,10 s.] diýip, jaýdar bellemek bilen, nusgawy şahyrlarymyza, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine gadyr-gymmat goýmak bilen, oňa ýokary derejede baha berýär. 

Hakykatdan-da, nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary  Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanan şahyrlaryň biridir. Şu jähetden seredenimizde, halkymyzyň bagtyýarlyk we eşretli zamanasynda türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda amal edilen netijeli işleriň biri-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň üsti ýetirilmegi, onuň edebi dünýäsiniň dürli taraplarynyň ylmy taýdan içgin öwrenilmegi, akyldar şahyryň goşgularynyň dürli dillere terjime edilmegi bellärliklidir.

Ady äleme dolan beýik söz ussadymyz Magtymguly atamyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir. 

Magtymguly Pyragynyň gyzyldan gymmatly eserleriniň içinde öwüt-ündewli goşgylary dertli adamyň derdini ýeňledýär, göwnüçökgünli adamy rahatlandyrýar, il-güni gaýgy-gamdan daşlaşdyrýar, şahyryň goşgularynyň gymmaty, manyly sözleri il-içinde barha sarpalanýar, halkymyz akyldaryň mertebesini belentden-belent tutýar.

Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň umman paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşi meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize – bu güne çenli dilden düşmän gelýär. Mysal üçin, “Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar”, „Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär“, „Adam ogly bäş gün duza myhmandyr“, „Ömür saly artar alkyş alanyň“,”Ok urar bolsaň, ok ur nebsiň gözüne”, „Kemlik eýle, kemal bar // Menlik etme, zowal bar“ ýaly pähimleri bu günki gün hem halkyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy onuň türkmen diliniň içki baýlyklaryny, onuň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.

 

Il-günüme bagş etdim,

Zyban içre asalym.

 

Beýik şahyr bozuk, ýaramaz, tertipsiz  ýaly manylary aňladyp gelýän pisat sözüni erbet, ýaman sözlerine manydaş ullanýan bolsa, hebes sözüni biderek, peýdasyz ýaly manylarda ullanýar. Mysal üçin:

 

Zamana işleri ýaman bolupdyr,

Jahan içre pisat işler dolupdyr.

Ýa-da:

Ýamana öwüt hebesdir,

Ýagşy äre bir söz besdir.

 

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri öňe sürýär. Şol bir wagtda onuň şygyrlary mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, rehimdarlyk, hoşniýetlilik, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemeklige gönükdirilendir. Munuň özi ýaş nesillerimizde edep-terbiýäniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

 

Mert ýigit ýurdundan düşse,

Haka ýalbaryp, il istär.

                Ýa-da:

 

Saba turup, watan, seni çaglar men,

Gülşenli serçemen diýip aglar men.

 

Ussat şahyr özüniň  öwüt-nesihat beriş şygyrlarynda ata-baba gelýän pentleri unaýar. Olarda wagyz-nesihat, terbiýeçilik äheňler duýulýar: „Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa // Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr“, „Ulalanda, iş hoş gelmez // Ýaşlykda köýmän ýigide“, „Akylyň bolsa abraýly kişiniň // Ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn“, „Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme // Barsaň, depesine täç eder seni“,“Aş barka dost gazan, at bar – ýol tany”  -diýen ýaly öwüt-ündewleri halkymyzyň arasynda häli-şindi ulanylyp ýör.

Magtymguly Pyragy dünýä hakdaky, durmuş we adam hakdaky oýlanmalarynda ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmegi, ýagşy-ýamana göz ýetirmegi, kanagatly bolmagy, myhmansöýer hem-de şer işlerden daşda bolmagy ündeýär. Mysal üçin, şahyryň “Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň”, ýa-da “Maly köp diýp, myhman bolma namarda, // Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýlär”,“Öz ryzkyna hiç kanagat etmedik,// Gözün diker, kişi aşyna zar bolar”, “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,//Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy”, “Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz, // Nana mätäç däldir, söze myhmandyr” ýaly setirlerini ýatlap geçmek hem ýeterliklidir.

Magtymguly atamyz özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Ol özüniň goşgularynda ilki bilen halk bähbitlerinden ugur alypdyr, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr durmuşyň manysynyň iliň-günüň derdine ýaramakdygyny ündeýär, ýagşy işlere ýaran bolmagy nygtaýar. Ol il-günüň derdine ýaramak, ýakynlaryňa ýakymly, hoşamaý sözleri aýtmak, birek-biregiň gadyryny bilmek  ýaly ajaýyp, nurana ýörelgeleri maslahat berýär.

 

Ýagşy sözler jaý eýleýir dil içre,

Närse gaçsa, dura bilmez sil içre.

Ýa-da:

                                    Magtymguly, jan myhmandyr, göwre − läş,

                               Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş.

 

Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam  mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda  hemişelik orun alýar. Ol adamlaryň hemişe ýagşylyk etmeklerini, ejizlere hosar çykmaklaryny, il-günüň alkyşyny almaklaryny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýemekde uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpden hem dana we ussat şahyryň döredijiligine diňe bir halkymyz däl, eýsem dünýä halklary hem uly hormat goýýarlar, Magtymgulynyň mertebesini belent tutýarlar. Çünki söz sungatynyň ussady Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi ynsan nesli üçin edep-terbiýe mekdebidir.

Dana we ussat şahyryň döredijiligine diňe bir halkymyz däl, eýsem dünýä halklary hem uly hormat goýýarlar, Magtymgulynyň mertebesini belent tutýarlar.   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir sözi dürden gymmatly şahyryň edebi mirasyny halka ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallasy uludyr. Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew, edep-terbiýe bilen bagly garaýyşlaryny, pikirlerini, öwütlerini öwrenmek, ony amal etmek halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleriniň mukaddes borjudyr. 

 

 

 

Edebiýat

 

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ynsan kalbynyň öçmejek nury. –Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

2. Magtymguly. Saýlanan goşgular. –Aşgabat, “Türkmenistan” neşirýaty, 1976.

3. Magtymguly. Eserler ýygyndysy. I jilt, –Aşgabat, MGI, 2013.

4. Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jilt, –Aşgabat, MGI, 2013.

5. Türkmen edebiýatynyň taryhy. II jilt. –Aşgabat, 1975.

 

 

     

 

   Il-günüň derdine ýaramak, ýakynlaryňa ýakymly, hoşamaý sözleri aýtmak, birek-biregiň gadyryny bilmek  ýaly ajaýyp, nurana ýörelgeleri maslahat berýär.

Bu yazı Kardeş Kalemler dergisinin 205. sayısında yer almaktadır. Derginin bu sayısında yer alan tüm yazılara aşağıdaki bağlantı üzerinden ulaşabilirsiniz.
Kardeş Kalemler 205. Sayı